Şu günki programmamyzda:
Türkmenabatda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlik döredi. Gyşyň sowugynda şäheriniň käbir bölekleri birnäçe gün bäri elektrik energiýasyz galýar. Toguň kesilmegi hem ýaşaýyş jaýlara, hem-de edara-kärhanalara täsir ýetirdi.
2024-nji ýylyň awgust aýynda Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hudaýberdi Allaşow 35 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ölümi, türkmen režimi tarapyndan 10 ýyla golaý dowam eden yzarlamalardan soň boldy. Hudaýberdi 2016-njy ýylda Azatlyk Radiosy bilen üç aýlyk hyzmatdaşlygynyň dowamynda öz dogduk mekany Daşoguzdaky adaty türkmen raýatlarynyň meseleleri barada habar berdi. Onuň Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmet baradaky maglumatlary aýratyn ýaň saldy.
Waşingtonda, Pentagonyň golaýyndaky Potomak derýasynyň ýokarsynda harby dikuçar bilen çakyşan ýolagçy uçarynda Russiýanyň dünýä çempiony bolan figuralaýyn typyjylar Wadim Naumowyň we onuň aýaly Ýewgeniýa Şişkowanyň hem bolandygy aýdylýar. ABŞ häkimiýetleri entek adam ölümleri baradaky ýagdaýy tassyklamady.
Balkan welaýatynda medeniýet pudagynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda işinden çykmak boýunça arza ýazyp, gidýänleriň sany köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, munuň sebäbini anyklamaga synanyşdy.
Lebapda ýaşlaryň ençemesi, Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda mugt bilim almak üçin, araçylara müňlerçe ABŞ dollary möçberinde para berendigini aýdýar. Ýaşlaryň ýene birnäçesi bolsa, rus ýokary okuw jaýlaryna girmäge ýardam etmegi wada berýän "araçy-hilegärleriň" duzagyna düşendiklerini belleýär. Bu barada lebaply ýaşlaryň ençemesi, olaryň hossarlary we welaýatyň Baş bilim müdirligindäki çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
Watch video HG: Türkmenabadyň ýaşaýjylary üç gün bäri sowukda toksuz galýar online without registration, duration hours minute second in high quality. This video was added by user Azatlyk Radiosy 01 January 1970, don't forget to share it with your friends and acquaintances, it has been viewed on our site 3,867 once and liked it 20 people.